top of page

Öý | Biz barada

BIZ BARADA

Dizaýn we gurluşyk kompaniýasy "Chalasyn"

Biz taslama taýýarlaýan-gurluşyk we gurluşyk kompaniýasy

Biz – ylalaşyksyz standartlar we ýokary hil bilen taslamalary taýýarlamak, gurluşyk we gurluşygy dolandyrmak boýunça professional hyzmatlary berýän taslama taýýarlaýan-gurluşyk we gurluşyk kompaniýasy.

Biziň kompaniýamyz hususy maddy tehniki çeşmelerine, zerur bolan infrastruktura we raýat we senagat gurluşygy çygrynda islendik taslamalar, suwüsti we suwasty desgalary, turbageçirijileri gurnamak, şeýle hem himiki, nebit-gaz, gazyp alýan we energetika senagatynda ýerüsti, suwüsti we suwasty desgalarynyň tehniki hyzmaty üçin toplumlaýyn hyzmatlary bermäge taýýar bolan tejribeli hünärmenlere eýedir.

Biz ýönekeý gurluşlara garaňda, has köp zatlary gurýarys

Biz öz ýaşaýan jemgyýetimiz üçin howpsuz şertleri we ekologiýa taýdan howpsuz çözgütleri döredýäris, iň esasysy bolsa biz berk gatnaşyklary gurýarys we bize öz işimizi üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkünçilik berýän gürrüňdeşlik gurşawyny döredýäris.

Her bir taslamada, ol iri taslama bolsun ýa-da kiçi, tapawudy ýok, biz aýratyn we ýokary hilli desgalary döretmek üçin iň ownuk böleklere aýratyn üns berýäris. Biz çylşyrymly we has çylşyrymly taslamalary başarjaňlyk bilen sazlaşdyrýandygymyz we çäkli bujetiň hasabyna has oňat oýlanylan desgalary emele getirýändigimiz bilen meşhurdyrys. Biz howpsuzlyk, ýokary hil, wezipelilik, gözellik gatnaşygynda biziň müşderilerimiziň tamasyny artygy bilen ödemäge çalyşýarys we wagt taýdan synagyň hötdesinden gelen taýýar önümi üpjün edýäris.

Biz her bir üstünlikli taslamanyň esasynda 5 esasy bölekleriň ýatandygyna ynanýarys

01

Howpsuzlyk

Howpsuz iş ýeri işiň kämilleşmeginiň açary bolup durýar. Biz şikeslere we bökdençliklere getirip biljek töwekgelçilikli özüňi alyp barşyň aradan aýrylmagynyň üstünde hemişe işleýän howpsuzlyga gönükdirilen gurşawy döredýäris.

02

Wagt

Bu hemişe pul, we biz özümiziň taslamalarymyzy diňe bir öz wagtynda däl, ýöne köplenç tamamlamagyň meýilleşdirilen senesinden öň gutarmaga bolan ukybymyzy birnäçe gezek görkezdik. Biz muňa işiň köp esasy böleklerini özbaşdak ýerine ýetirmek bilen taslamanyň meýilleşdirilmegini we umumy işiň barşyny öňat gözegçilikde saklamaga mümkinçilik bermek arkaly esasy potratçylaryň we üpjün edijileriň gatnaşmagynda tankydy möhüm ýollaryň kesgitlenilmegi üçin taslama-inženerçilik dolandyryş topary bilen özaragatnaşyk arkaly ýetýäris.

03

Hil

"Hile Gözegçiligiň Doly dolandyrylmagy" (TotalQualityControlManagement), öňünden meýilnamalaşdyrmak we deslapky gurluşyk ulgamlarynyň kömegi bilen durnukly hiliň üpjün edilmegi, ýokary hili saklamak bilen biz öz müşderilerimiziň talaplaryny tygşytly kanagatlandyryp bileris. Biz biziň gatnaşan ähli taslamalarymyza öz netijeliligini subut eden biziň hil gözegçilik ulgamymyza hakykatdan hem buýsanyp bileris. 

04

Nyrh

Üç ölçegli taslama taýýarlamak (CAD 3D), wirtual taslama taýýarlamak we gurluşyk (VDC) bilen birlikde, binanyň maglumat modelirlemeginiň häzirki zaman tehnologiýasyny (BIM) ulanmak bilen biz eýýäm taslama taýýarlamak tapgyrynda, müşderi üçin oňaýly nyrhy kepillendirmek bilen göz öňünde tutulýan harajatlary ähmiýetli azaldýarys. Biz şeýle hem, gurluşyga başlamazdan öň taslamanyň nyrhynyň bahalandyrylmagyny we gaýtadan bahalandyrylmagyny amala aşyrýarys.

05

Kommunikasiýa

Açyk, takyk we anyk gürrüňdeşlik toparda özara gatnaşyk we islendik taslamanyň üstünligi üçin aýgytly ähmiýete eýedir. Biz häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanan aragatnaşyk we maglumat dolandyryş ulgamyny döretdik, ol hakyky wagt tertibinde müşderilere, taslama toparynyň ähli işgärlerine, gurluşyk işgärlerine we kömekçi potratçylara ähli maglumatlaryň takyk berilmegini üpjün edýär.

Biz öz abraýymyza guwanýarys we ony berk saklaýarys

bottom of page