top of page

Öý | Hyzmatlar | Ulanylmaga berilmegi

ULANYLMAGA BERILMEGI

Biz hem täze, hem durky abatlanylýan desgalaryň üstünliklikli ulanylmaga berilmegi meselesine oňat düşünýäris we hünär tejribesine eýe bolup durýarys. Biz hem täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi boýunça, hem durkunyň düýpli täzelenmegi tamamlanandan soň gaýtadan ulanylmaga berilmegi boýunça hyzmatlary berýäris. Biz şeýle hem kärendeçiler üçin durky täzelenenden soň bahalandyrylmagyny we ulanylmaga berilmegini geçirip bilýäris.

 

Şeýle hem, biziň kompaniýamyz, hem raýat we senagat gurlyşygynda hünärmenleriň düzüm sanawyna eýe bolmak bilen, eýýam tamamlanan taslamanyň ulanylmaga berilmegine çenli deslapdan bahalandyrylmagy boýunça we kesgitlenen başlangyç inženerçilik-taslama resminamasyndan başlap dikeldilmeginde öz wagtynda we dessin ýüze çykarylmagy we aradan aýrylmagy işjeň öndürijilikli peýdalanmak işinde wagtyň we soňky harajatlaryň sarp edilmegini azaldyp biljek ýetmezçilikleriň we tapawutlaryň ýüze çykarylmagy boýunça hyzmatlary teklip edip biler.

Gurlan desganyň döwlet kabul ediş topary

Aýry ýagdaýlarda gurlan desganyň ulanylmaga kabul edilmegi eýesi (buýrujy ýa-da maýa goýujy) tarapyndan özbaşdak amala aşyrylýar.

ýa-da kabul ediş topary tarapyndan ulanylmaga kabul edilmegi tassyklanan taslama laýyklykda onuň doly taýýarlygynda we iş toparynyň oňyn netijenamasynyň bolmagynda amala aşyrylýar. Iş toparynyň düzümine girýär:

  • buýrujynyň ýa-da maýa goýujynyň wekili – toparyň başlygy;

  • inženerçilik-taslama resminamasyny taýýarlaýjynyň wekili, taslamaçylaryň wekilleri (taslamanyň ýörite bölümleriniň taýýarlaýjylary);

  • potratçynyň wekili (esasy potratçy ýa-da kömekçi potratçy);

  • peýdalanyş guramalarynyň wekilleri;

  • arassaçylyk we ýokanç kesellere garşy, ýangyna garşy gözegçilik döwlet gulluklarynyň we beýleki gözegçilik edaralarynyň – olaryň garamagy boýunça taslamanyň makasadyna we onuň mundan beýläkki peýdalanylmagyna baglylykda.

Desganyň jaý gurujy tarapyndan

Desganyň jaý gurujy tarapyndan – toplumlaýyn kysymly gurama – gurulmagynda guramanyň ýolbaşçylarynyň buýrugy boýunça buýrujynyň, taslamaçynyň we potratçynyň esasy guramaçylyk wezipelerini ýerine ýetirýän bölümleriň jogäpkär wekillerinden, peýdalanýan guramalaryň jogapkär wekillerini çekmek bilen, zerur bolan ýagdaýynda gözegçilik edaralaryny çekmek bilen iş topary döredilýär. Iş toparynyň netijeleri goşundylary bilen guramanyň ýolbaşçysyna berilýär.

Toplumlaýyn tassyklamagyň netijeleri

Desganyň ulanylmagy üçin kabul edilmegine toplumlaýyn barlag buýrujynyň hasabyna amalla aşyrylýar.

Desganyň ulanylmagy üçin kabul edilmegine toplumlaýyn barlag işinde iş topary:

  • potratçy (esasy potratçy, kömekçi potratçy) tarapyndan berlen resminamalaryň toplumyny, mazmunyny we resmileşdirilmegini barlaýar;

  • ýerine ýetirlen gurluşyk konstruksiýalarynyň taslama resminamalarynyň talaplaryna laýyklygynyň bahalandyrylmagyny ýerine ýetirýär;

  • tehnologik enjamlarynyň we inženerçilik ulgamynyň synagyny we işledilip görülmegini ýerine ýetirýär;

  • tehniki, awtorlyk gözegçilik, döwlet gözegçilik edaralarynyň wekilleriniň tehniki we awtorlyk gözegçiligi žurnalyna we işleriň umumy žurnalyna girizilen bellikleriň we tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini barlaýar;

  • talaplaryň berjaý edilmeginiň  barlagyň, ölçemeleriň we synaglaryň netijelerine takyklygyny barlamagy ýerine ýetirip biler;

  • potratçy (esasy potratçy, kömekçi potratçy) tarapyndan berlen ýerine ýetiriji geodezik çyzylarynyň takyklygyny barlamagy, eger bu barlag jogapkär konstruksiýalaryň aralykdaky kabul edilmeginde amala aşyrylmadyk bolsa, ýerine ýetirip biler.

Toplumlaýyn barlagyň netijeleri boýunça iş topary desganyň ulanylmaga berilmegine kabul edilmeginiň taýýarlygy barada netijenamany düzýär.

Ulanylmaga kabul edilmegi üçin hödürlenilýän desganyň timarlanmagynda,  konstruksiýalarynda, tehnologik enjamlarynda, inženerçilik torlarynda we oňa ýanaşýan meýdanyň abadanlaşdyrylmagynda taslama resminamalarynyň we kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryndan çykylan ýagdaýlar ýüze çykarlanda iş topary desganyň ulanylmaga berilmegine kabul edilmeginiň doly däl taýýarlygy barada netijenamany düzýär we oňa ýüze çykarlan kemçilikleriň sanawyny goşýar. Kesgitlenen tertipde resmileşdirlen iş toparynyň netijenamasy, eger bolan ýagdaýynda ýokarda agzalan ýüze  çykarlan kemçilikleriň sanawy bilen buýruja berilýär.

 

Buýrujy iş topary tarapyndan ýüze çykarlan kemçilikleriň (olaryň bolmagynda) sanawyny olaryň potratçy bilen ylalaşylan möhletlerinde aradan aýrylmagy üçin potratça berýär. Gurluşygy tamamlanan desga onuň taýýarlygynyň toplumlaýyn barlagyndan soň buýrujy binagärlik, şäher gurluşygy we gurluşyk işi barada kanunçylyga laýyklykda desganyň ulanylmaga kabul edilmegi üçin döwlet kabul ediş toparyna ýa-da kabull ediiş toparyna hödürleýär. Şol bir wagtda buýrujy topara resminamalaryň toplumyny, şeýle hem zerur bolan ýagdaýynda potratçy tarapyndan alnan inženerçilik-tehniki resminamalaryny berýär.

 

Hemme tamamlanan taslamalaryň soňundan üstünlikli ulanylmagy bilen  hem raýat, hem senagat pudaklarynda dürli desgalary dikeltmekde baý tejribä eýe bolmak bize biziň müşderilerimiziň ulanylmaga berilende ýokarda görkezilen ýagdaýlardan geçmekde hiç hili meselelere sezewar bolmajakdygyna ynamly bolmaga mükinçilik berýär.

bottom of page