top of page

Öý | Hyzmatlar | Gurluşygy dolandyrmak

GURLUŞYGY DOLANDYRMAK

Gurluşygy dolandyryjy hökmünde biz meýilnamalaşdyrmakdan başlap gurluşyga we ulanylmaga berilmegine çenli administratiw we dolandyryş hyzmatlaryny bermek bilen buýrujy üçin potratçy bolup çykyş edýäris, we buýrujynyň agenti hökmünde çykyş edýäris, ýöne biz bu ýagdaýda bu kesgitlemäniň nusgawy düşünilmeginde gurluşyk boýunça potratçy bolup durmaýarys. Emma welin, şunlukda biz bir wagtda taslama guramasy bilen taslama çekilen bolup galýarys, bu taslama işleriniň ýerine ýetirilmeginiň barşynda barlaga we gurluşyk tehnologiýasyna talaplaryň hasabatyna işjeň gatnaşmaga ýardam edýär, bu bolsa gurluşygyň wagtynyň iň köp azaldylmagy maksady bilen düzetmek, gurluşyk işleriniň grafigini gözegçilikde saklamak bilen gözegçiligiň we bilermen bilimleriniň aýratyn ýokary derejesini talap edýär. Gurluşygy dolandyrmagyň manysy buýrujy tarapyndan goýlan talaplary üpjün etmek bilen, bahanyň, möhletleriň we işleriň hiliniň bir wagtdaky gözegçiliginden ybaratdyr. Bu görnüşde gurluşyk işlerini alyp barýan kompaniýalar potradyň adaty görnüşindäki ýaly baş potratçynyň garamagynda bolman, biziň wekili bolup çykyş edýän gös-göni buýruja boýundyr.

Gurluşygy dolandyrmak usulynda biziň tejribämiz we bilimimiz "ISHENGIR" kompaniýasynyň gurluşyk bölümi hökmünde öz işimizi amala aşyran wagtymyzdan bäri, şonuň bilen birlikde, gurluşygy dolandyrmagyň doly hyzmatlaryny bermek boýunça tagçany doly eýelemek bilen, biziň kompaniýamyzyň döredilmegine çenli döwürden gelip çykýar.

Gurluşygy dolandyrmak boýunça hyzmatlar öz içine alýar

Şertnamanyň taýýarlanylmagy

Işleriň grafiginiň gözegçiligi

Meýilnamalaşdyrmak we taslama taýýarlamagy sazlamak

Taslamada  işleriň sazlanmagy

Harajatlaryň
gözegçiligi

Desga gözegçilik we tehniki howpsuzlyk gullugy

Üýtgetmä arzalary nolly dolandyrmak

Ulanylmaga berilmegi we kepillendirilem hyzmat

bottom of page