top of page

Öý | Innowasiýalar

INNOWASIÝALAR

Tehnologiýanyň we hyzmatdaşlygyň kömegi bilen üstünlik

Iň döredijilikli pikirler iň innowasiýaly birleşiklerde döreýär

Biz özümiziň ýokary öndürijilikli işgärlerimizi biziň işewürligimiziň her bir bölegine peýda getirmek üçin netijeli işler we dogry tehnologiýalar bilen birleşdirýäris. Biziň tehnologiýalara we iň täze tejribelere ygrarlylygymyz taslamalaryň netijeliliginiň oňynlaşdyrylmagyna we biziň kompaniýamyz bilen biziň müşderilerimiziň, dizaýnerleriň, inženerleriň we potratçylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy oňatlaşdyrmaga getirdi. Köp ýyllaryň dowamynda biziň işgärlerimiz biziň çemeleşmämizde gyzykly üstünlikleri ösdürmek üçin özleriniň döredijilik  mümkinçiliklerini, tejribelerini we maksatlaryny ulandylar.

Tehnologiýanyň we hyzmatdaşlygyň kömegi bilen üstünlik

01

Öňdebaryjy usullar

Üýtgeme gurluşyk pudagynda hemişelik bölek bolup durýar, we taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň innowasiýa usullary çalt özgerýär. Düýn innowasiýa we öňde baryjy bolan zatlar, bu gün eýýäm tejribe we amaly binýadynda taryh bolup galýar. Geçen 20 asyrda biz adaty we bir wagtlyk buýurmalaryň taslamalary taýýarlamak, ýygmanak, taslama taýýarlamakda kömek, delegirlenen dizaýn, taslamalaryň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegi we döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýaly bilelikdäki iş usullaryna öwrülenini gördük. Innowasiýanyň depginleri we häzirki zaman ýokary tehnologik we intellektual binalara we taslamalara isleg bilen, siziň taslamaňyzyň durmuşa geçirilmeginiň dogry usulyny saýlamak möhüm bolup durýar. Bizde tejribe, bilim we siziň taslamaňyza has uly peýda getirjek usuly we ugry kesgitlemäge, bahalandyrmak we saýlamak işinde size kömek etjek wepaly işgärler bar.

02

Artykmaçlyklar

Biziň çemeleşmämiz toparlaýyn işe, döredijilikli pikirlenmäge we hyzmatdaşlyga ýardam edýän çalt we netijeli usullary ornaşdyrmagy öz içine alýar. Biz ilkinji nobatda gurluşykçylar, we biz innowasion dizaýnerçilik çözgütlerini işläp taýýarlamak we harajatlary azaltmak üçin döredijilikli çözgütler bilen öz iş tejribämizi yzygiderli ulanýarys. Biz meýilleşdirmegiň, taslama taýýarlamagyň we gurluşygyň arasyndaky tutdurmaýan aralyklary ýeňip geçmek üçin taslama taýýarlamagyň häzirki zaman tehnologiýalaryny girizýäris. Biz häzirki zaman ýokary tehnologik we intellektual taslamalarynyň gurluşygyny sazlamak üçin ähli dersler boýunça tejribeli hünärmenleriň toparynyň talap edilýändigini bilýäris.

03

Desganyň optimizasiýasy

Biz şunlukda ahyrky ulanyjylaryň durmuşynyň hilini oňatlaşdyrmak bilen iň çylşyrymly tehnologiýalara, netijelilige we integrirlenen ulgama eýe bolmaga çalyşýarys. Ýokary peýdalanyş hasiýetnamaly desgalar dürli tehnologiýalary birleşdirýän we optimizirleýän, umumy energiýa netijeliligini, durmuş tapgyryny we desgada işgäriň netijeli ulanylmagyny ýokarlandyrýan bina ýa-da kesgitli ýerde desgalaryň tapgyry bolup biler. Ýokary netijeili strategiýalaryň, atributlaryň we tehnologiýalaryň goşulmagyny taslamanyň ösüşiniň başlangyç tapgyrlarynda seretmek zerurdyr.

Biziň tejribämiz - Biziň taslama toparlarymyz bujet bilen taslamanyň integrasiýasynyň arasynda deňagramlylygy saklamak bilen, taslama üçin has möhüm tehnologiýalary kesgitlemek üçin müşderiler, dizaýnerler we desgadaky işgärler bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işleýärler. Biziň ýokary öndürijilikli tehnologiýalar we innowasiýalar çygryndaky giňişleýin tejribämiziň kömegi bilen biz biziň müşderilerimiz üçin gurluşygyň tejribesine gaýtadan seredýäris.

Ýokary
wezipelilik

04

Ýokary wezipelilik

Biziň içerki tehniki seljermämiziň we sazlaşygymyzyň kömegi bilen biz öň müşderilerimize arzanladylan bahalar boýunça oňatlaşdyrylan iş goruny berip bileris. Gurnama boýunça ussat inženerleriň we hünärmenleriň köpüsi geljekde wezipeliligi ýokarlandyrmak we hyzmat etmegi ýönekeýleşdirmek üçin biziň taslama toparlarymyz bilen öz tejribelerini paýlaşýarlar, şunlukda, başlangyç harajatlar we durmuş tapgyrynyň bahasy azaldylýar. Olar üpjün edijilere we potratçylara enjamlary kesgitlemekde ähmiýetli kömegi, şeýle hem ulgamlaryň testleşdirilmeginde we işlemäge girizilmeginde durmuş taýdan möhüm ýardamy berýärler.

05

Kömek we çözgütler

  • Deslapdan gurluşygy bahalandyrmak topary.

  • Mehanik, elektrik we santehnik – MES üpjün etmelere/işlere ýöriteleşdirlen çeşmeler (MEP – Mechanical, Electrical, Plumbing).

  • Peýdalanmaga girizmek ýagdaýyny başlamak üçin ýöriteleşirlen çeşmeler.

  • Diplomly hünärmenler (BSME & BSEE) näsazlyklary düzetmekden baş alyp çykýan inžener mehanikler we inžener elektrikler.

  • Oňaýly enjamlary satyn almak we üpjün etmek boýunça mümkinçilikler.

  • Konstruktiwlik meselelerini çözmek üçin BIM/VDC bilimi.

  • Ekspertizany meýilleşdirmek we geçirmek usulyýeti.

  • Başlangyç dizaýn bäsdeşlik etmek ukyby we has oňaýly we tygşytly çözgütleriň üstünde işlemek.

06

Ýitgileriň we goşmaça harajatlaryň aýrylmagy

Biz tygşytlylyk – ýitgileriň we goşmaça harajatlaryň aýrylmagyna ýykgyn edýän adamlara bolan hormata esaslanan pikirlenmegiň görnüşi diýip hasaplaýarys. Biziň tejribeli işgärlerimiz kommunikasiýanyň netijeli usullaryny döretmek, wadalary ýerine ýetirerlikli etmek bilen has netijeli işiň usullaryny öwrenýärler, jogapkärçiligi ýokarlandyrýarlar we çynlakaý hyzmatdaşlyk edýärler.

Biziň tejribämiz - Biz muňa  artykmaçlygy boýunça saýlaw we niýetlenilmegi boýunça üpjün etmek Last Planner ulgamyny goşmak bilen tygşytly tehnologiýalar ulgamyny ulanmak arkaly ýetip bileris. Biziň kompaniýamyz taslama we dizaýn-ýygnamaga toplumlaýyn eltmegi hasaba almak bilen, üpjün etmäge dürli formatly şertnamalarda hyzmatdaşlyk tejribesine eýedir. Hemişelik kämilleşmek medeniýetini döretmek bilen biziň inžerlerimiz we dizaýnerlerimizi biziň öz müşderilerimize we hyzmatdaşlarymyza berýän taslamamyzyň gymmatlygynyň oňyn ähmiýetini ýokarlandyrmagy başardylar.

07

Geljek üçin gurmak

Biz döwrebap bolany üçin däl-de, eýsem, biziň gurşawymyzyň abadançylygyny saklamagyň biziň geljekki nesillerimiz üçin möhümdigi sebäpli – biz ekologiýa üçin we ekologiýa taýdan arassa çözgütler üçin göreşýäris – bu sadaja dogry çözgüt, we ol biz üçin we biziň müşderilerimiz üçin many-mazmuna eýedir. Biz biziň planetamyzyň çäkli çeşmelerini gorap saklamak we daşky gurşaw üçin özümiziň dostlukly gurluşykçy we öndüriji statusymyzy saklamak üçin öz jogapkärçiligimize çynlakaý garaýarys. Biz özümiziň netijeli doladyryjylar bolup durýandygymyza göz ýetirmek üçin özümiziň içki ýagdaýlarymyza, standartlarymyza we syýasatymyza hemişe gaýtadan seredýäris. Bu tejribä we iş ýerlerinde işjeňlige baha bermegi, şeýle hem biziň daşky gurşawa täsirimizi azaltýandygymyza we öz hyzmatdaşlarymyza iş, ösüş we gülläp ösüş üçinhas oňat mümkin bolan gurşawy berýändigimize göz ýetirmek üçin biziň umumy korporotiw tejribämizi öwrenmegi we gaýtadan seretmegi öz içine alýar.

08

Tehnologiýalar arkaly innowasiýalar

Biziň hünärmenlerimiz gurluşyk işine taslama-inženerçilik toparlaryna öňkilere garaňda has netijelilik bilen gurmaga kömek edýän iň täze tehnologiýalar, tejribäni we endikleri girizýärler. Gurluşyk tehnologiýalary çygryna öňdebaryjy tejribäni girizmekde biziň tejribämiz işgärlere täze tehnologiýalary we dünýä tejribesinde bar bolan tehnologiýalary ulanmagyň innowasiýa usullaryny öwrenmek üçin ähli mümkinçilikleri berýär.

Biziň tejribämiz - Biziň taslama-inženerçilik toparlarymyz tejribede hemişe kämilleşmek, öz tejribelerini artdyrmak bilen kompaniýada täzelikçiler bolup durýarlar, we häzirki wagtda olar diňe öňdebaryjy häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanýarlar. Biziň işgärlerimizi birleşdirmek bilen biziň döwletimizde häzirki zaman tehnologiýalaryny tejribede ulanmakda, ornaşdyrmakda we ösdürmekde biziň işimiz we biziň tejribämiz ähli kompaniýa üçin bilimleriň goruny döretdi, bu bolsa netjeliligi ýokarlandyrýar, işleri oňynlaşdyrýar we biziň taslamalarymyzda müşderileriň hyzmat edilmeginiň hilini ýokarlandyrýar.

09

Ekologik jogapkärçilik

Biz adamlaryň saglygynyň berkidilmegi we ekoulgam üçin, şeýle hem, şäherleriň, jemgyýetiň we biziň planetamyzyň ýaşaýyş tapgyrlarynyň emele gelmegi we hereket etmegi üçin jogapkärçilik çekýändigimize düşünmelidiris we göz ýetirmelidiris. Energetika netijeliligiň we ekologiýa jogapkärçiliginiň etalony bolup hyzmat edýän raýat ýa-da senagat infrastrukturasynyň gurluşlarynyň, binalarynyň, desgalarynyň döredilmegi hakykatdan hem toparlaýyn tagalla bolup durýar. Taslamalary taýýarlamagyň ähli tapgyrlarynda biziň işgärlerimiz bitewi ulgamlaýyn pikiri öňe sürýärler we maksatnamanyň islenilýän wezipeleriniň, başlangyç bujetiň we durmuş tapgyrynyň soňky bahasynyň arasyndaky baglanyşygy kesgitleýärler.

Biz meýilleşdirmek işiniň çäginde:

  • Irki tapgyrda maksadyň kesgitlenilmegine kömek edýäris;

  • Emeli gurşawda saglyga täsir etmegiň bahalandyrylmagyna ýardam edýäris;

  • Taslama taýýarlamak we meýilnamalaşdyrmak döwürlerine güýçli gatnaşýarys;

  • Ýagtylandyryşy, ýerdäki energiýa-netijeliligi we suw tygşytlygyny seljerýäris;

  • Kömekçi materiallary seljerýäris we saýlaýarys;

  • Gurluşyk wagtynda jaýlardaky howanyň hilini seljerýäris;

  • Gurluşyk galyndylaryny dolandyrmak boýunça meýilnamalary işläp taýýarlaýarys;

  • Durnukly ösüş boýunça hereketler meýilnamasyny işläp taýýarlaýarys.

10

Gurluşykda wirtual dizaýn

Biz wirtual taslamalary dolandyrýan we döredýän tehniki hünärmenleriň zehinli toparyny döretdik. Olaryň wezipesi maglumat kuwwatyny güýçlendirmek üçin taslamada ulanmak üçin innowasiýa wirtual çözgütlerini tapmak bolup durýar, bu bolsa soňunda ýokary hilli netijäni üpjün edýär. Biziň wirtual dizaýnerler toparymyz bahasyz çeşme bolup durýar we olar biziň ähli taslama toparlarymyz bilen egin-egne berip işleýärler. Olar öz tebigaty boýunça bilesigeliji we öňde baryjy akyldarlar, olar özleriniň öňdebaryjy çözgütleri bilen taslamanyň üstünlikli maddylaşdyrylmagy işinde bizi ruhlandyrýarlar.

11

Gurnama we sazlama

Biz gurnama üçin ulgamlaryň wirtual sazlanamak ýagdaýynyň gadyryny bilýäris. Bu taslamanyň üstünligi üçin durmuş taýdan möhüm ähmiýete eýedir we taslama toparynyň ähli işgärleri üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şeýlelikde, ulgamyň sazlanmagy taslamanyň durmuşa geçirilmegi işiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar, we taslama-inženerçilik toparlary hemişe onuň taslamanyň grafigi, resminamalar, bujet we ýerinde gurnamanyň hili bilen özara baglanyşygyny barlaýarlar.

12

Wirtual hakykylyk

Biz wirtual hakykylygyň gekjekki taslamanyň giňişligini we görnüşini duýmagy görkezmegiň iň oňat usulydygyna ynanýarys. Dürli enjam we maksatnama serişdeleriniň ulanylmagy zerurlyga baglylykda ýüklenmegiň dürli derejelerine interaktiw tejribäni uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Wirtual hakykylyk howpsuzlyk çözgütlerini, aňlamalaryny kabul etmek we döwürleri meýilleşdirmek üçin baglanyşygy oňatlaşdyrýar.

13

Gurluşyga taýýarlyk

VDC deslapdan gurluşyga taýýarlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Biz taslamanyň döredilmegine irki gatnaşyk üstünlikli hyzmatdaşlyga we gurluşyga ýardan edýär diýip hasaplaýarys. Gurluşyk bölekleriniň çuňňur bilimi we olaryň dizaýnyň taglymaty, grafik we bujet bilen baglanyşygy uly ähmiýete eýedir. VDC Goşundysy muňa düşünmegiň ýoluny üpjün edýär.

14

Integrirlenen sanly syn ýa-da hakykylygyň gurşap alynmagy

Integrirlenen sanly syn (Integrated Digital Turnover - IDT) hem BIM netijelerinden, hem adaty gurluşyk çeşmelerinden – desganyň degişli maglumatlaryny bermek üçin çözgüt bolup durýar. IDT — bu biziň gaýtadan pikirlenen taslama resminamalarynyň dolanyşygynyň adaty ýagdaýy. Bu ýagdaýyň maksady gurluşyk we peýdalanyş çygyrlarynda bilimleriň arasyndaky bölünmeleriň kemeldilmegidir.

bottom of page