Öý | Biz barada | Biziň kompaniýamyz
BIZIŇ KOMPANIÝAMYZ
Biziň «Kämilligi bilelikde gurýarys» missiýamyz biziň ähli edýän işlerimizi ugrukdyrýar. Ol biziň müşderilerimiz, dizaýn boýunça hyzmatdaşlarymyz, potratçylar we işgärler bilen açyk, bilelikdäki gürrüňdeşlige esaslanandyr, we biziň bäş sany esasy gymmatlyklarymyz bilen tassyklanýar: dogruçyllyk, ynam, hyzmat, hil we zähmetsöýerlik.
01
Biziň taryhymyz
«Çalasyn» — bu 2013-nji ýylda Aşgabat şäherinde, 2007-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli hereket eden «Işengir» kompaniýasynyň gurluşyk bölüminiň esasynda döredilen hususy gurluşyk kompaniýasydyr. Eýýam senagat gurluşygy we himiýa hem nebit-gaz pudaklarynda hyzmat etmek çygrynda baý we uzak wagtlyk iş tejribesine eýe bolmak bilen, biz garaşsyz kompaniýa hökmünde raýat we senagat gurluşygy we ýerüsti, suwüsti we suwasty senagat desgalaryna tehniki hyzmat çygrynda özümiziň işjeň hereketimizi we joşgunly ösüşimizi dowam etdirdik. Häzirki günde, maddy we tehniki çeşmelerden başga, biziň kompaniýamyz eýýam ýerine ýetirlen işleriň baý portfoliosyna eýe bolup durýar, olaryň bölegini biz size buýsanç bilen hödürläp bileris.
02
Biziň hyýallarymyz
Örän oňat nyrhy hödürlemek bilen, gurluşyk hyzmatlaryny üpjün edijileriň saýlanan kompaniýasy bolmak. Onda işleýän adamlar üçin, we biziň gurýan adamlarymyz üçin iň howpsuz kompaniýa bolmak. Öz işgärlerimiz üçin iň oňat iş beriji we biziň ýaşaýan jemgyýetimiz üçin peýdaly bolmak.
03
Biziň missiýamyz
Islendik wagtda we islendik gurşawda biziň müşderilerimiziň, biziň işgärlerimiziň we biziň işleýän jemgyýetimiziň bähbidi üçin işewürligiň we tehnologiýanyň ösmegine ýardam bermek bilen, gurluşyk senagatynyň standartlaryny we ösüş wektoryny kesgitlemek bilen, oňyn özgertmeleriň öň hatarynda bolmak bilen, dünýäni oňatlyga tarap üýtgetmek bilen, taslamalary howpsuz we ýokary hilli durmuşa geçirmek bilen – «Kämilligi bilelikde gurmak». Müşderiniň ýokary talaplaryny we biziň onuň bilen bir toparda işlemek ukybymyzy görkezmek bilen toplumlaýyn we innowasiýa çözgütlerini girizmek.
Funksional gurşawy we hili bilelikde döretmek – bu taslamanyň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda uly täsire eýedir – onuň kesgitlenilmeginiň başyndan işledilmäge girizilýänçä. Müşderiniň işewürlik-ýagdaýlaryna, onuň talaplaryna we maksatlaryna, taslamanyň takyk ugruna düşünmek we onuň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda onuň bilen özara gatnaşyk, bu bize biziň missiýamyzyň iň möhüm maksadyny – taslamanyň howpsuz, ýokary hilli we öz wagtynda durmuşa geçirilmegini üpjün etmek – üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär.
04
Biziň gymmatlyklarymyz
Biz adamlaryň biziň jemgyýetimizde we biziň kompaniýamyzda durmuşynyň hilini oňatlaşdyrmak üçin hereket edýäris. Öz bazarymyzda biz tamalary artykmajy bilen ödeýän we berk baglanyşygy hem geljege ynamy döredýän taslamanyň üstünlikli bolmagyny üpjün etmegiň üstünde işleýäris. Biziň kompaniýamyzda işgärler ahyrky ulanyjylar bilen işleşýärler we hemmeleriň umumy üstünlige ýetmegine kömek etmek üçin öz wagtlaryny, zehinlerini we çeşmelerini berýärler. Biziň hil medeniýetimiz we zähmetsöýerligimiz biziň işimize bolan höwesimizi gandyrýar we ertirki güne ygtybarly ynamy döredýär. Biziň gymmatlyklarymyz biziň her birimiziň aýrylmaz bölegimiz bolup durýar.
Dogruçyllyk - biziň işgärlerimiz, açyk, gizlemeýän we hakykatçy. Biz iň ýokary etiki standartlaryna eýerýäris. Biziň işgärlerimiziň sözi – bu olaryň baglanyşygy. Olar aýdýan zatlaryny edýärler, we adalatlygyň we etiki özüňi alyp barmagyň iň ýokary standratlaryna laýyk gelýärler. Biz adamlara adalatly gatnaşykda bolýarys, aýdýan zatlarymyzy edýäris we ederis.
Ynam - Biz özümizi beýlekileriň ynamyny gazanar ýaly alyp barýarys we özümiziň gatnaşýan her bir taslamamyzda işewür hyzmatdaşlaryň ynamyny gazanmak üçin ähli güýjümizi aýamaýarys. Biz müşderileriň näme hakda pikir edýändigini aýtmaga höwes bildirýän gurşawyny döredýäris.
Hyzmat - Biz hemmelere, şol sanda öz müşderilerimize, işgärlerimize we umumy biziň jemgyýetimize hyzmatyň ýokary derejesini bermegi öz borjumyz hasaplaýarys. Biz öz müşderilerimiziň we potratçylarymyzyň aladasyny edýäris hem olaryň talaplaryna çalt we netijeli jogap berýäris.
Hil - Biz hiliň ýokary standartlaryny kesgitleýäris, bu standartlary iş ýerlerinde meýilleşdirýäris we muny birinji gezekden başlap dogry etmek bilen, hemişe hatda öz hususy tamalarymyzy hem artygy bilen ödemäge çalyşmak bilen özümize jogapkärçiligi alýarys.
Zähmetsöýerlik - Biz tutanýerlilik bilen işleýäris, ýöne biz şeýle hem, özümiziň hünär we şahsy durmuşymyzyň arasynda deňagramlylygy döretmek üçin akylymyz bilen işleýäris. Biz öndürijiligiň ýokary standartlaryny kesgitleýäris we özümizi olar bilen deňeşdirýäris.
05
Biziň ýörelgelerimiz
Öňe hereket – bu biziň edýän zatlarymyzy hemişe kämilleşdirmäge bolan medeni ymtylmamyzdyr. Dört esasy ýörelgeleriň – hyzmatdaşlyk, hemişe kämilleşmek, liderlik häsiýetlerini ösdürmek we okuw medeniýetini emele getirmek – kömegi bilen biz adamlara her derejedäki innowasiýa pikirlerini paýlaşmaga we işler barada yzyna gatnaşygy bermäge mümkinçiligi berýäris. Bu tagallalar biziň kompaniýamyzda başlan hem bolsa, biz bu filosofiýany biziň müşderiler, hyzmatdaşlar we pudak boýunça işgärler bilen gatnaşyklarymyza hem girizýäris. Ynama, aýdyňlyga we netijelilige ýardam berýän hyzmatdaşlygy höweslendirmek müşderileriň has oňat hyzmat edilmegini üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Dogruçyllyk - Biz dogruçyllyga getirýän ynamy kesgitlemek üçin öz işgärlerimiziň açyklygyny hemişe goldarys.
Howpsuzlyk - Biz adamlaryň saglygyny we howpsuzlygyny hiç haçan howp astynda goýmarys.
Alçaklyk - Biz dogry çözgütleri kabul etmek üçin hemişe takyk we öz wagtyndaky maglumaty berýäris.
Köpdürlülik - Biz kimdir biriniň kemsidilmegine ýa-da adalatsyz gatnaşyga hiç haçan ýol bermeris.
Durmuş jogäpkärçiligi - Biz öz işgärlerimizi durmuşyň hilini hemişe oňatlaşdyrmaga bolan ymtylmalarynda hemişe höweslendirýäris we goldaýarys.
06
Biziň medeniýetimiz
Müşderini kanagatlandyrmaga bolan ymtylma, işgärleriň ösmegi üçin has oňat şertleri ýerine ýetirmekde we üpjün etmekde artykmaçlyk biziň kompaniýamyzy ygtybarly gurluşyk hyzmatdaşy edýän medeniýeti döredýär.
Biziň işgärlerimiz öwrenmek we okatmak, gymmatlyklary kämilleşdirmek we ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri hemişe gözleýärler, howpsuzlyga, ýerine ýetirmegiň hiline, dogruçyllyga we hormat goýmaga wepalylygyň tarapdary bolup durýarlar. Biz öz işgärlerimize olaryň kim bolup biljekdigi, olaryň iň oňat bolmagy üçin halypaçylyk edýäris, olary okatýarys we goldaýarys.
Bu umumy medeniýet öz gezeginde biziň müşderilerimize aýratyn hyzmaty we döredijilikli çözgüdi berip biljek iň oňat adamlary çekmek we saklamak üçin çalt ösüşe ýardam ediji bolup durýar.