Hil – bu diňe bir agyr işiň we sarp edilen wagtyň netijesi däl, bu köp ýyllyk okuwyň, tejribäniň, kämillige höwesiň we ymtylmanyň netijesidir
Bu ätiýaçdaky çykalga ýa-da standart bolmadyk gapy ýa-da penjire ýeri ýaly binanyň ýa-da gurluşyň käbir görnüp duran aýratynlyklary, ýa-da direglerdäki ýa-da binýatdaky beton ýa-da tora çolaşan mehaniki ýa-da elektrik kommunikasiýasy we santehnika ulgamy bolup durýarmy, biziň hilimiz bu – siziň onlarça ýyllaryň geçmegi bilen buýsanyp biljek işimizdir. Biziň ýörelgelerimize esaslanan biziň gymmatlyklarymyz – ýokary hil jikme-jiklikleriň üstünde zähmet çekýän we hiç haçan “ýeterlik derejede gowunyň” ýeterlik derejede gowy bolup durmaýandygyny hiç haçan ykrar edmeýän ýokary hilli adamlardan gelýär..
Jemi hil dolandyryşy
Biziň kompaniýamyzyň “Hiliň barlagyny doly dolandyrmak” maksatnamasy (Total Quality Control Management) taslamany amala aşyrýan esasy tapgyrlara çenli gurluşyk meselelerini kesgitlemek üçin işlenilip taýýarlanylandyr. Hiliň barlagyny doly dolandyrmak işi bolaýmagy mümkin bolan dizaýny we saýlanan materiallaryň gapma-garşylygyny kesgitlemek üçin işleýän topardan başlaýar. Taslamanyň meýilnamalary, tehniki talaplar we beýleki ýöriteleşdirlen gurluşyk kadalary, gurluşyk kadalary we düzgünleri boýunça düzgünler we maslahatlar biziň hil bölümimiz tarapyndan seredilýär. Inženerçilik-taslama toparyna ýüze çykarlan islendik gapma-garşylyklar barada özwagtynda habar berilýär we hil bölümi bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda mümkin boldugyça çalt we netijeli ýüze çykan ýagdaý çözülýär. Bu iş haçanda biziň hil barlagy bölümimiz dizaýnerler, binagärler, inženerler we materiallary öndürijiler bilen bilelikde mundan beýläk öňe gitmek üçin ylalaşyga ýetenlerinde tamamlanýar.