top of page

Öý | Hyzmatlar | Dizaýn we taslama taýýarlamak

DIZAÝN WE TASLAMA TAÝÝARLAMAK

Dizaýn we taslama taýýarlamak

Biziň inženerçilik taslamasyny taýýarlamak mümkinçiligimiz taslama taýýarlamagyň has endigan işine we taslama taýýarlamakda her bir wezipe üçin oňatlaşdyrylan, energiýa tygşytlaýjy çözgüde ýardam edýän döredijilikli hyzmatdaşlyga ýardam etmek bilen hemişe biziň hyzmatlarymyzyň aýrylmaz bölegi boldy.

 

Bizde raýat, desgalar, mehanik, elektrik, santehnik we ýangyna garşy inženerçilige, şeýle hem,  ýaşaýşa ukyplylygyň seljerilmegine we kesgitlenen tehniki kadalaryna laýyklyga üns bermek bilen islendik tehniki meseläniň ähli jähtlerinde çözgüt üçin çeşmeleriň giň ugurlary bar. Biziň tejribämiz has üstünlikli taslamalaryň meýilnamalaşdyrmak we taslama taýýarlamak wagtynda taslamany dolandyrmak boýunça toparlaryň esasy işgärleriniň arasynda irki hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýandygyny görkezýär – adatça olar buýrujy, binagär, inžener, potratçy we üpjün edijiler.

 

Biz taslamanyň ösüşiniň ugurlarynyň umumy alamatlaryny, umumy işleri we dolandyrmagyň takyk gurluşyny kesgitleýäris. Bu taslamanyň hereket edýän ähli döwrüniň dowamynda hemişelik kommunikasiýa ýardam edýär. Taslamanyň irki tapgyryndaky hyzmatdaşlyk has doly meýilnama we has jikme-jik we her taraply bujetine getirýär. Mundan başga-da, biz üznüksiz baha bermek işini ulanýarys: gurluşyk başlandan soň baha bermek işiniň tamamlanýandygy barada adaty garaýyşdan paradigmanyň üýtgemegi. Biz taslamanyň ösmegine görä meýilnamalary kämilleşdirmegimizi dowam edýäris, we hem dizaýnda, hem bujetde uly netijelilik bilen maksatlara ýetmegiň üstünde işleýäris.

Bu netijeliligi we öndürijiligi ýokarlandyrmagyň hasabyna hili oňatlaşdyrmaga ünsi jemlemegi talap edýän medeniýet we pikirlenmek usulydyr. Biz taslamada galyndylary optimizasiýa etmegi goşmak, taslama taýýarlamak işi we yzyndan gelýän gurluşyk wagtynda goşmaça nyrhlary döredýän elementleri aýyrmak bilen hemişe hiliň hemişelik oňatlaşdyrylmagyna ymtyldyk. Ahyrky hasapda üstünlik adamlara we guramanyň gymmatlyklaryna baglydyr.

Image by Rob Lambert

Biziň hemişe kämilleşmek we okamak medeniýetimiz mümkin biziň müşderilerimiz üçin has uly peýda getirip biljek täze tehnlogiýalary we innowasiýa çözgütlerini biziň nähili gözleýändigimiz bilen şekillendirilýändir. Biz ýalňyşlaryň mukdaryny azaltmak, biziň bahalandyrmagymyzyň takyklygyny artdyrmak bilen wizualizasiýany oňatlaşdyrýan biziň taslamamyzyň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini ýokarlandyrýan gurallary ulanýarys, ýöne iň esasysy biz manysy bolan we siziň taslamaňyzyň gymmatlygyny anyk ýokarlandyrýan tehnologiýalary ulanýarys.

Image by Pontus Wellgraf

Binanyň maglumat modelirlemegiň (BIM) we wirtual taslamasyny taýýarlamagyň we gurluşygynyň (VDC) kömegi bilen biziň kompaniýamyz adaty 2D çyzgylaryndan senagaty sowýar we olary wirtual 3D modelleri bilen çalyşýar. Soňky 5 ýylyň dowamynda biz BIM özümiziň ähli çylşyrymly taslamalarymyzda diýen ýaly ulandyk, bu netijeliligi ähmiýetli ýokarlandyrdy, gurluşygyň barşynda soňky üýtgetmeleri azaltdy we goşmaça harajatlara we gurluşygyň grafiginiň artmagyna getirýän soňky üýtgetmeleri azaltdy, bu şeýle hem desganyň ulanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrdy. Biziň taslama toparymyz wirtual hakykylygyň şlemini goşmak bilen dürli usullar bilen wuzializasiýa etmek mümkin bolan sanly maketleri takyk emele getirmäge ukyplydyr. Bu biziň müşderilerimize taslamanyň ähli hereket edýan döwrüniň dowamynda yzyna gymmatly kommunikasiýany üpjün etmek bilen taslamalaşdyrlan giňişlik boýunça wirtual gezelençleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da wirtual maketleri çalt sazlap bolýar, bu bolsa yzyna gatnaşygyň gaýtadan işleýiş wagtyny ähmiýetli azaldýar we netijeliligi ýokarlandyrýar. 3D maketlerini ulanmak bilen, biz meýilnamalaşdyrmakda mümkin bolan gapma-garşylyklary aradan aýryp bileris we gurluşygyň işiniň üýtgemegine soňky üýtgemeleriň ýa-da buýurmalaryň ähtimallygyny azaldyp bileris.

3D modelirlemekde gapma-garşylyklary ýüze çykarmak we çözmek işi maglumata (RFI) talaplyklaryň we taslamada üýtgemelere soňky buýurmalaryň (ChangeOrder) mukdaryny azaltmakda öz netijeliligini subut etdi. Biz taslama taýýarlamagyň ähli işiniň dowamynda bolaýmagy mümkin bolan gapma-garşylyklary ýüze çykarmak we düzetmek hem-de konstruktiwligi üpjün etmek üçin taslamanyň modelini hemişe derňeýäris. Biziň işgärlerimiz Autodesk, Navisworks, Revit, AutoCAD, 3D Studio Max öz içinde alýan köp häzirki zaman platformalaryndan oňat baş alyp çykýarlar.

Image by Armin Hosseini

Haçanda taslamanyp grafigi binanyň maglumat modeli bilen (BIM) utgaşdyrylanda, ol gurluşyk işiniň gymmatly wizualizasiýasyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Bu ähli gyzyklanýan taraplara taslamanyň her bir tapgyrynda meýilnamalaşdyrmaga düşünmäge we oňa gatnaşmaga mümkinçilik berýär. 4D taslama taýýarlamak bize meýilnamalaşdyrmakda mümkin bolan meseleleri we gapma-garşylyklary, ýüze çykan boşluklary we taslamany oňatlaşdyrmak üçin mümkinçilikleri kesgitlemäge kömek edýär.

Image by Isis França

Bize eýýam bar bolan gurluşlary we mehaniki, elektrik we santehnik böleklerini gaýtadan döredilýän sanly taslamalara birnäçe millimetr çäginde üýtgeme bilen ölçemäge, meýilleşdirmäge we geçirmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa işleriň gaýtalanmagynyň, buýurmalaryň saklanmagynyň we üýtgedilmeginiň töwekgelçiligini netijeli azaltmak bilen täze gurluşyň modelindäki desgalaryň eýýäm bar bolan şertlere takyk laýyk boljakdygyny kepillendirýär. Biz iň häzirki zaman lazer enjamyny we degişli maksatnama üpjünçiligini ulanýarys.

Taslamanyň şekili

Surata düşürmek, üçölçegli kartalaşdyrmak, inspeksiýalary geçirmek we howpsuzlyk şertlerini barlamak ýaly dürli peýdalanyş maksatlarynda – 360 gradusly foto surata alyşy, janly web kameralary, pilotsyz drony öz içine alýan, taslamanyň her bir tapgyryny hemme tarapyndan gurşap almak üçin wizualizasiýa tehnologiýasy ulanylýar, we bu köp zähmeti talap edýän meseleleriň käbirlerine harçlanylýan çeşmeleri ähmiýetli oňatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Bularyň ählisi he gurluşygyň deslapky tapgyrynda, hem gurluşygyň dowamynda giňişligiň her taraply şekilini almaga mümkinçilik berýäe we gapdaldan syn üçin umumy görnüşi we desga baryp görmezden panorama syny üpjün edip biler.

bottom of page