Öý | Biz barada | Köplenç berilýän soraglar
Köplenç berilýän soraglar
«Iş etikasynyň kodeksi» we hasabat bermek ulgamy näme?
Bu kompaniýanyň ähli hereketine degişli bolan onuň ähli zady öz içine alýan içerki syýasaty we kompaniýanyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine iş ýerinde kezzapçylyk, hyýanatçylykly peýdalanmalar we beýleki etmişler bilen bagly meseleleri, şunlukda amatly iş gurşawyny döretmek bilen bilelikde çözmäge kömek berýän hasabaty bermegiň gizlin guralydyr.
«Iş etikasynyň kodeksi» we onuň bozulmagy boýunça hasabat bermek ulgamy bize näme üçin gerek?
Biz işgärlerimizi özümiziň iň gymmatly aktiwimiz hasaplaýarys. Aragatnaşygyň açyk kanallaryny döretmek bilen biz oňyn iş gurşawyny döretmäge we öndürijiligi ýokarlandyrmaga ýardam edip bileris. Hasabat bermegiň anonim gurluşlary buhgalter hasabaty ýa-da audit çygyrlarynda kezzapçylyk barada ýa-da satyn almalar ýa-da tender işlerini geçirmek ulgamlarynda hyýanatçylykly peýdalanmalar barada habar bermäge kömek edýär. Hasabat bermegiň netijeli ulgamy dogruçyllyk medeniýetini we çözgütleri kabul etmegiň etikiligini emele getirmek boýunça biziň tagallalarymyzy berkider.
Men Interneti ýa-da telefony ulanmak bilen habary iberip bilerinmi?
Hawa, sizde gizlin anonim hasabaty interneti ulanmak bilen kompaniýanyň web saýty arkaly ýa-da telefonda jaň etmek bilen bermäge mümkinçilik bar.
Eger men mümkin bolan bozulmany görýän bolsam, men bu barada öz menejerime, ýa-da etika meseleleri boýunça jogapkär menejere diňe bu barada habar bermelimi we olara onuň bilen iş salyşmaga ýol bermelimi?
Eger siziň pikiriňizçe biziň kompaniýamyzyň syýasatyny ýa-da “Iş etikasynyň kodeksini” bozýan haýsy hem bolsa bir herekete siz syn edýän bolsaňyz, biz siziň bu barada habar berjekdigiňize garaşýarysş. Iň gowy ýagdaýda siz islendik meseleleri özüňiziň gös-göni ýolbaşçyňyza ýa-da öz departamentiňizdäki beýleki wezipeli şahsa habar bermelidirsiňiz. Ýöne biz size mesele barada şeýle görnüşde habar bermekde oňaýsyzlyk ýagdaýynyň ýüze çykyp biljekdigini ykrar edýäris. Hut şeýle ýagdaýlar üçin hem biz biziň kompaniýamyzyň web saýtynda görkezilen kommunikasiýalaryň üsti bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Biz siziň bu maglumaty özüňizde saklaman anonim habar bermegizi isleýäris.
Näme üçin men bilýän zadym barada habar bermeli? Bu meniň üçin nähili ähmiýete eýe?
Biziň hemmämiziň dogruçyl, açyk we oňyn gurşawda işlemäge hukugymyz bar, we etiki hereket etmek we eger kimdir biri göwnejaý däl görnüşde hereket edýän bolsa bu barada degişli ýolbaşça habar bermek jogapkärçiligi şu hukuk bilen baglydyr. Bilelikde işlemek bilen biz sagdyn, açyk we öndürijilikli gurşawy saklap bileris. Korporotiw jenaýatlar bütin kompaniýanyň bar bolmagynyň serişdelerine howp salyp biler.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy ýa-da onuň eýesi hakykatdan hem meniň hasabat bermegimi isleýärmi?
Biz gürrüňsiz muny isleýäris. Bize hakykatdan hem siziň bu barada habar bermegiňiz gerek, sebäbi siz biziň kompaniýamyzda haýsy gowulyklaryň we erbetlikleriň bolup geçýändigini bilýärisiňiz. Siz aladalanmak üçin sebäp bolup biljek hereket barada maglumata eýe bolup bilersiňiz. Siziň hasabatyňyz kompaniýa we biziň işgärlerimize bolaýmagy mümkin bolan oňyn bolmadyk täsiri azaldyp biler. Mundan başga-da, şeýle maglumatyň berilmegi ynamy we öndürijiligi ýokarlandyrmak bilen korporatiw medeniýeti oňatlaşdyryp biljek meseleleri ýüze çykarmaga kömek edip biler.
Hasabatlar nirä berilýär, we olara ygtyýary kim alyp biler?
Siz tarapyndan berilýän ähli hasabatlar howpsuzlygyň mümkin bolan bozulmalarynyň öňüni almak üçin gös-göni biziň kompaniýamyzyň goralan serwerine girizilýär. Bu maglumata ygtyýar boýunça şertler bu hasabatlary kompaniýanyň gös-göni esaslandyryjysy tarapyndan ygtýarlandyrlan, bozulmanyň kysymyna we wakanyň bolup geçen ýerine baglylykda hasabata baha bermek tabşyrylan diňe kompaniýanyň takyk işgärine elýeterli edýär. Hasabatlary kabul ediji gizlinligi berjaý etmek we alnan maglumaty ýaýratmazlyk boýunça doly borçlara eýedir.
Bu meňzeş maksatnama eýsem, kimdir biriniň meni yzarlaýandygynyň mysaly dälmi?
Biziň maksatnamamyzda kompaniýanyň umumy filosofiýasynyň we medeniýetiniň oňyn jähti bolmak üçin üns jemlenýär we bize siziň üçin howpsuz, ygtybarly we etiki iş ýerini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Size etiki dilemmalar boýunça maslahat üçin ýüz tutmak, oňyn teklipleri bermek ýa-da mesele barada habar bermek hödürlenilýär. Netijeli, açyk we dogruçyl gürrüňdeşlik häzirki zaman iş ýerinde äýgytly ähmiýete eýedir we bu şu gürrüňdeşligi oňatlaşdyrmak üçin iň oňat guraldyr. Biz hasabat bermek üçin, hasabaty saklamak boýunça öz borçlarymyzy ýerine ýetirmek üçin we biziň kompaniýamyzda oňyn gurşawy saklamak üçin iň oňat guraly jikme-jik saýladyk.
Meniň düşünişimçe, meniň kompaniýanyň kompýuterinden iberýän islendik hasabatym meniň kompýuterimiň birikdirlen her web saýtň görkezýän serweriň žurnalyny emele getirýär we bu žurnal meni hasabatyň awtory hökmünde indentifisirlemezmi?
Biziň maksatnamamyz IP-salgylar bilen içerki birikdirmeleriň žurnalyny döredmeýär we alyp barmaýar, şol sebäpli hem, siziň kompýuteriňizi kompaniýanyň serweri bilen birikdirýän maglumat bolmaýar. Biziň syýasatymyz şeýle ýüzlenmäniň ýörelgelerine we kanallaryna bagly bolmazdan şeýle hasabaty berýän şahsyýetiň yzarlanmagyny düýbünden gadagan edýär. Siz şeýle hem bar bolan maglumatlaryňyz bilen özüňiziň habarlaşmak üçin maglumatlaryňyzy görkezmezden kompaniýanyň resmi saýty arkaly ýüz tutup bilersiňiz, ýöne şeýle ýagdaýda siz tarapyndan goýlan mesele boýunça soňky sejerişler kynlaşyp biler. Eger size şeýle hasabaty siziň ŞK etmek oňaýsyz bolsa ýa-da siz käbir oňaýsyzlyklary duýýan bolsaňyz, sizde siziň iş gurşawyňyzdan daşary ŞK, mysal üçin internet-kafede, dostuňyzyň öýünde ýerleşen we ş.m. ŞK ulanmak mümkinçiligi bar.
Men hasabaty öýümden iberip we şunlukda anonim bolup galyp bilerinmi?
Öýden, goňşyňyzyň kompýuterinden ýa-da islendik internet portaldan iberlen habar howpsuz we anonim bolup galar. Kompaniýanyň internet-portaly lakamy, ýa-da haýsy hem bolsa beýleki alamaty boýunça gelýänleri anonimliligi doly saklamak üçin hiç haçan identifisirlemeýär. Mundan başga-da, «Iş etikasynyň kodeksi» boýunça kompaniýa şeýle hasabaty berýän şahsyýeti yzarlamazlyga we hatda şeýle hasabat anonim däl ýagdaýda berilse hem gizlinligi saklamaga borçlanýar.
Men berýän maglumatymyň ahyrynda meniň şahsyýetimi açar diýip aladalanýaryn. Munuň şeýle bolmajakdygyna siz meni nähili ynandyryp bilersiňiz?
“Etika hemme ýerde” maksatnamasyna gatnaşykda kompaniýanyň syýasaty siziň anonimliligiňiziň goragy üçin niýetlenendir. Ýöne, eger siziň hasabatyňyzda şeýle hasabaty berýän tarap hökmünde siziň şahsyýetiňizi görkezip bilýän gytaklaýyn alamatlaryň haýsy hem bolsa biri boýunça haýsy hem bolsa mümkinçilikden başga, anonimliligi doly saklamak isleýän bolsaňyz, siz hasabatyň tekstinde ýaşaýan ýeriňiziň salgysy ýa-da öz ýaşyňyz ýaly haýsy hem bolsa takyk maglumatlar görkezilende siziň şahsyýetiňiziň tötänleýinden açylmaýandygyna öňünden göz ýetirmelidirsiňiz.
Telefon jaňy mugt, liniýa gizlin we anonim bolup durýarmy?
Hawa. Ýöne sizden eger siz kompaniýanyň resmi web saýty arkaly ýüz tutan bolsaňyz internet-hasabatde bermeli bolan maglumatyňyzy bermegiňizi haýyş ederler. Bu hasabatlar howpsuzlygyň we gizlinligiň meňzeş çärelerine eýedirler.
Eger men hasabatym bilen özümiň identifisirlenmegimi isleýän bolsam, onda näme?
Munuň üçin hasabat berlende anonimliligi saklamazlyk we öz maglumatlaryňy görkezmeklik ýeterlikdir. Üstesine-de berlen hasabatyň gizlinligi arz edijä gatnaşykda saklanýar.
Men biziň kompaniýamyzda etiki däl özüni alyp barýan käbir adamlary bilýärin, ýöne munuň maňa hiç hili täsiri ýok. Näme üçin men bu barada habar bermeli?
Biziň kompaniýamyz etiki tertip-düzgüni wagyz edýär. Islendik derejedäki islendik etiki däl özüňi alyp baryş ahyrynda kompaniýa we siziň bilen birlikde ähli işgärlere zyýan ýetirýär. Size köpçülikleýin habar beriş serişdelerine elýeterli bolan käbir korporotiw jedellerine seretmek we etikanyň zyýansyz bozulmasynyň kompaniýanyň sagdyn we üstünlikli işewürligine täsir edip biljekdigi ýaly heläkçilikli netijelerini görmek ýeterlikdir. Şol sebäpli hem, eger size kanuny bozma hereketi ýa-da etiki bozulmanyň haýsy hem bolsa ýagdaýlary mälim bolsa bu barada habar bermegiň öz öňüňizde we öz işgärleriňiziň öňünde öz borjuňyz diýip düşüniň.
Men özümiň gören ýa-da eşiden zadymyň kompaniýanyň syýasatynyň bozulmagy bolup durýandygyna ýa-da etiki däl hereket bilen baglydygyna dolulygyna we ahyryna çenli ynamym ýok, ýöne men muny sadaja dogry däl diýip hasaplaýaryn. Şeýle ýagdaýda men näme etmeli?
Hasabat bermeli. Biz mümkin bolan etiki däl tertibiň üns berilmän galmagyna rugsat berenden, zyýansyz ýaly görünýän ýagdaý barada habar bereniňizi islärdik, sebäbi siz bu ýagdaýda ynamly däl.
Eger meniň ýolbaşçym ýa-da beýleki menejerler bozulma gatnaşýan bolsalar, onda näme etmeli? Eýsem olar hasabaty almazlarmy we ony yzarlap başlamazlarmy?
Hasabatyň berilýän we ýaýradylýan ulgamy hasabatda ady agzalan ýa-da mümkin bolan gatnaşýan şahslar hökmünde görkezilen çekilen taraplar bu hasabatlara barada habarly bolmaz we bulara ygtyýary bolmaz ýaly görnüşde işlenilip taýýarlanandyr.
Eger men hasabaty iberenimden soň möhüm waka ýadyma düşse onda näme etmeli? Ýa-da kompaniýada meniň hasabatym boýunça goşmaça soraglar ýüze çyksa onda näme etmeli?
Eger siz hasabaty kompaniýanyň web saýtynda berýän bolsaňyz siz ulanyjynyň unikal adyny alýarsyňyz. Şu ýagdaýda siz sizden alnan ýüzlenme barada tassyklama alýarsyňyz we siz ýüze çykýan mesele boýunça haýsy hem bolsa maglumaty goşmaça goýup bilersiňiz. Ýa-da eger kompaniýada goşmaça soraglar ýüze çyksa, onda ol biziň kompaniýamyzyň web saýty arkaly maglumatyň birinji gezek berlen pursatynda siz tarapyndan goýlan habarlaşmak üçin maglumatlar boýunça size haýal etmän ýüz tutar. Şeýlelikde siz we kompaniýa anonim ýa-da gizlin gepleşige gatnaşýarlar, bu ýerde ýagdaý diňe bir ýüze çykarylman, eýsem ol nähili hem çylşyrymly bolsa-da çözülip bilner.
Birinji hasabatlara berilýän bu goşmaça maglumatlar birinji hasabatlar ýaly howpsuz bolup durýarmy?
Ähli meseleler boýunça berilýän maglumatlar we faýllar siziň birinji ýüzlenmäňiz ýaly berk gizlinlikde saklanýar we anonimlik howandarlygy astynda galýar.
Eger meniň internete ygtyýarym bolmasa hem men hasabat berip bilerinmi?
Siz internete birikdirlen islendik kompýuterden hasabaty berip bilersiňiz. Siz şeýle hem ony öýden iberip bilersiňiz. Internet ýa-da internet birikdirilen kompýuterler bolan köp jemgyýetçilik ýerlerinden, şol sanda jemagat kitaphanalaryndan, baglarda ýa-da söwda merkezinde iberip bilersiňiz. Eger sizde kompýutere ygtyýar ýok bolsa, ýa-da ondan peýdalanmak oňaýsyz bolsa, siz biziň kompaniýamyzyň resmi web saýtynda görkezilen telefon belgi boýunça jaň edip bilersiňiz.