Biz tehnik ýagdaý esasynda öňüni alyş tehniki hyzmaty çözgütleri boýunça ýöriteleşendiris, ony gymmat bahaly dikeldiji tehniki abatlaýyşdan ileri tutýarys. Müşderileri häzirki zaman tehnologiýalary çygrynda öňdebaryjy çözgütler bilen üpjün etmek arkaly biz olara üstünligi kepillendirýäris. Birnäçe ýyllaryň dowamynda biziň kompaniýamyz desgalaryň dikeldilmegi ýa-da durkunyň abatlanylmagy boýunça giň gerimli maksatnamalar wagtynda, biziň şertnama borçlarymyzyň talap edişi ýaly ýollaryň we infrastrukturanyň tehniki hyzmaty boýunça işleri ýerine ýetirdi.
Türkmenistanyň gurluşyk bazarynyň gitdigiçe giňelýändigi we ösýändigi sebäpli uzakmöhletli peýdalanylýan we tehniki hyzmat edýän düzüm bölegi taslamalaryň netijeli ulanylmagy we üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin has möhüm bolup durýar. Eýýäm bar bolan tejribe esasynda biziň kompaniýamyzda ornaşdyrmak üçin; durmuş tapgyryny seljermegi dolandyrmaga we taslamanyň uzak möhletli maksatlarynda ýetmekde onuň möhüm ornunan biziň düşünjelerimizi ulanmak bilen dessin peýdalanyş we tehniki hyzmat çygyrlarynda toplumlaýyn ulgamlar, işler we innowasiýa pikirleri döredildi.
Uzak möhletli maksatlar
Howpsuz gündelik amallar we aýratynlyklar
Biz aktiwleriň öndürijilikli peýdalanylmagynyň ähli döwürleriniň dowamynda olaryň netijeli hyzmat edilmegi üçin zerur bolan başarnyklaryň, ulgamlaryň we işleriň netijelis serwis hyzmatlaryny bermek üçin aýgytly mana eýedigine düşünýäris. Biz biziň müşderilerimiziň aktiwleri dolandyrmak boýunça uzakmöhletleýin maksatlaryna düşünýäris we gündelik iş wezipelerini howpsuz ýerine ýetirmeginde olaryň könelmegini azaltmak ýa-da aradan aýyrmak boýunça hereketlerde ünsi jemläp, müşderilerimize olaryň maksatlaryny durmuşa geçirmäge kömek edýäris.
Peýdalanmak we hyzmat etmek boýunça hyzmatlar öz içine alýar
Heläkçilikli waka jogap - ähli durmuş tapgyrynyň dowamynda desga bolin bolup geçen ýa-da bolup geçýän peýdalanyş wakalary boýunça hronologik ýa-da jikme-jik hasabat.
Tebigi betbagtçylyklara jogap bermegi dolandyrmak - desganyň ulanlmagynda gorag ulgamynyň deslapky seljerilmegi we olaryň ähli durmuş tapgyrynyň dowamynda monitoringi.
Ýol örtügini dolandyrmak, inspeksiýa we abatlaýyş - peýdalanyş işinde infrastrukturanyň seljerilmegi, başlangyç taslamalaşdyrmakda kesgitlenilmedik ýokary ýüklenme tertibinde peýdalanmak üçin oňaýly häsiýetnamalary mundan beýläk oňatlaşdyrmak we bahalandyrmak maksady bilen inspeksiýa we jikme-jik kartografiýa.
Gar we buz gözegçiligi - peýdalanyş häsiýetnamalarynyň hilinie täsiri kesgitlemek we başlangyç taslamada goýberilen hasaplamalary aradan aýyrmak üçin peýdalanylýan infrastruktura desgalarynda buz emele gelmeginiň sebäpleriniň seljerilmegi.
Ösümlikleri dolandyrmak - kesgitli klimat şertlerinde ösümlikleriň durnuklylygynyň fito seljerilmegi, olaryň durmuş tapgyrynyň, özbaşdak ösüş mümkinçiliginiň we peýdalanylýan desganyň topragyna ösümligiň täsiriniň kesgitlenilmegi.
Köprüileri dolandyrmak, inspeksiýa we abatlaýyş - peýdalanmak işinde infrastrukturanyň könelmeginiň seljerilmegi, oňaýly peýdalanyş häsiýetlerini oňatlaşdyrmak üçin bahalandyrmak we mundan beýläk abatlanylmagy maksady bilen kemçiligiň ýa-da zeperlenmäniň inspeksiýasy ýa-da sanly delilleri.
Aktwleri doly dolandyrmak - desganyň ulanylmaga berlen pursatyndan ähli durmuş tapgyrynyň dowamynda we soňundan utilizasiýasyna çenli aktiwleriň doly dolandyrylmagy.
Doly durmuş tapgyryna ýa-da çynlakaý zeperlenmeleriň abatlanylmagyna çenli dikeltemek üçin düýpli işler - durky abatlanylýan ýa-da dikeldilýän desganyň ýagdaýynyň seljerilmegi we ekspertizasy, desganyň esasy çeşmesiniň könelmeginiň ýa-da onuň zeperlenmeginiň derejesini kesgitlemek üçin bar bolan infrastrukturanyň sanly modelirlemä geçirilmegi we soňky meýilnamalaşdyrylmagy ýa-da dikeldilmegi ýa-da renowasiýasy.
Intellektual ulag ulgamlary - ulagyň dürli görnüşleriniň hereketlerini dolandyrmagy oňaýlaşdyrmak we ulag akymymynň has howpsuz we sazlaşykly dolandyrylmagyny üpjün etmek we ýol infrastrukturasynyň peýdalanylmagynyň möhletini artdyrmak maksady bilen ulag kommunikasiýasynyň we ýol habarlylygynyň ulgamyny seljermek we kämilleşdirmek.